Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar

  • 30.04.2025 13:06
  • 1k+

“8 zenan” (“8 женщин”) we “Öýde” (“В доме”) filmleri bilen tanalýan fransuz režissýory Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar. Bu barada Screen Daily habar berdi.

Film Gaumont studiýasy tarapyndan çykarylar. Filmde keşpleri Benžamen Wuazen (“85–iň  tomsy”, “Gitdik!” (“Лето 85-го”, “Поехали!”)), Rebekka Marder (“Meniň jenaýatym”, “Gaýtalanýan durmuş” (“Мое преступление”, “Жизнь на повторе”)), Swann Arlo (“Ýykylmagyň anatomiýasy”, “Taňrynyň merhemeti bilen” (“Анатомия падения”, “По воле божьей”)) we Deni Lawan (“Meniň kiçijik melikäm” (“Моя маленькая принцесса”)) ýerine ýetirýär.
Wuazen 1930-njy ýyllarda Alžirde ýaşan fransuz Mersonyň keşbini janlandyrar. Gahrymanyň biperwaýlygy we töweregindäki dünýä biparhlygy sowukganlylyk bilen edilen ganhorluk we jenaýaty derňeýän, şonuň bilen birlikde Mersonyň şahsyýetini hem öwrenýän kazyýet işi bilen tamamlanýar.
“Saýry” filminiň uýgunlaşmagy fransuz dilinde bolar. Film Marokkoda surata düşüriler we bu iş eýýäm başlandy. Filmi 2026-njy ýylda kinoteatrlarda görkezmek meýilleşdirilýär.

"Filme wagta dahylsyzlygy, nusgawy ölçegi bermek üçin janly, ekspressionistik gapma-garşylyklary ulanyp, akdyr gara reňkler bilen işläris" – diýip, kinematografiýaçy wada berdi.

Albert Kamýu fransuz pelsepeçisi we ýazyjysy, 1957-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi boldy. 1942-nji ýylda ilkinji gezek "Saýry" romanyny hödürledi. Kitap fransuz edebiýatynyň iň meşhur eserleriniň birine öwrüldi. Ol takmynan dünýäniň 75 diline, şol sanda türkmen diline terjime edildi.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....