2026-njy ýylyň “Altyn globus” dabarasynyň geçiriljek senesi yglan edildi

  • 25.04.2025 21:58
  • 2k+

CBS ýaýlymy 83-nji “Altyn globus” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiriljek senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 12-nji ýanwaryna geçilýän gije bolar diýip, Deadline habar berýär.

Baýrak üçin dalaşgärleriň sanawy 8-nji dekabrda yglan ediler. Dabarany alypbaryjy ýene-de Nikki Gleýzer bolar.
Dabara Paramount+ akym hyzmatynda hem ýaýlyma berler.
2025-nji ýylda “Altyn globus” “Brutalist” dramasynyň we “Emiliýa Peres” mýuzikliniň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Birinjisi üç, ikinjisi bolsa dört heýkel aldy. Seriallaryň arasynda “Sýogun” öňdebaryjy boldy.
Nielsen analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, geçen “Altyn globus” dabarasyna 9,3 mln adam tomaşa etdi. Bu bir ýyl ozalkydan birneme azdyr – şol wagt dabaranyň 9,4 mln tomaşaçysy bolupdy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......