«Joker: Iki adamlyk telbelik» 2024-nji ýylyň iň köp zyýan çeken filmi boldy

  • 04.05.2025 19:48
  • 3.9k+

«Joker: Iki adamlyk telbelik» (Джокер: Безумие на двоих) filmi Warner Bros. kompaniýasyna 144,25 mln dollar zyýan ýetirdi we 2024-nji ýylyň iň köp zyýan çeken filmleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu antireýtingi «Deadline» neşiri düzdi.

Birinji filmde Hoakin Feniks baş keşbi ýerine ýetiripdi we «Dedpul we Rosomaha» (Дэдпул и Росомаха) filmi çykýança, taryhda iň köp girdeji gazanan R derejeli film bolupdy. Ol dünýä boýunça 1,1 mlrd dollar girdeji gazanyp, iki sany «Oskar» baýragyna mynasyp bolupdy. Emma bu filmiň dowamy hökmünde döredilen, aýdym-sazly görnüşe öwrülen we Ledi Gaganyň Harli Kwinniň keşbinde çykyş eden ikinji bölümi dünýäniň ähli ýurtlarynda prokatda şowsuz boldy. Film 200 mln dollar çykdajy bilen bary-ýogy 207,5 mln dollar girdeji toplady. Striming hyzmatlaryndan we beýleki çeşmelerden gelen girdejiler hem goşulanda, «Joker: Iki adamlyk telbelik» jemi 227,5 mln dollar gazandy. Warner Bros. kompaniýasynyň umumy zyýany 144,25 mln dollar boldy.
Antireýtingiň ikinji ornunda hem Warner Bros. kompaniýasyna degişli bolan «Furiosa: Telbe Maksyň hronikasy» (Фуриоса: Хроники Безумного Макса) filmi ýerleşdi. Onuň ýetiren zyýany 119,6 mln dollar boldy. Üçünji orunda bolsa «Borderlends» (Бордерлендс) wideooýnunyň ekranlaşdyrylyşy ýerleşýär. Bu film Lionsgate kompaniýasyna jemi 80 mln dollar zyýan ýetirdi.
Şol bir kinostudiýa tarapyndan taýýarlanan «Megalopolis» (Мегалополис) fentezi-dramasy bolsa dördünji orny eýeledi – onuň ýetiren zyýany 75,5 mln dollar boldy. Bäşinji orunda bolsa, Columbia Pictures bilen Marvel-iň bilelikde döreden «Awçy Kreýwen» (Крейвен-охотник) filmi durýar. Bu film Sony Pictures kompaniýasyna 71 mln dollar zyýan ýetirdi.


şu gün 07:46
487

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 12:24
1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

düýn 08:41
1.3k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....