Jeýms Kemeron «Hirosimanyň ruhlary» esasynda film düşürer

  • 05.05.2025 12:03
  • 4.2k+

Jeýms Kemeron Çarlz Pellegrinonyň «Hirosimanyň ruhlary» (Ghosts of Hiroshima) romanyny ekranlaşdyrmak isleýär. Bu barada režissýor «Deadline» neşirine gürrüň berdi.

Režissýor «Awatar» tamamlanansoň, surata düşüriş işlerine başlamagy meýilleşdirýär. "Awataryň" üçünji bölümini 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda çykarmak meýilleşdirilýär. Kemeronyň öňünde heniz ýene iki bölüm bar, režissýor olary öňümizdäki bäş-alty ýylyň dowamynda tamamlamagy wada berdi. «Hirosimanyň ruhlary» 1997-nji ýyldaky «Titanik» filminden soň režissýoryň «Awatar» äleminden daşgary ilkinji taslamasy bolar.
Kemeron «Ruhlary» ömrüniň soňky 15 ýylynyň eseri diýip atlandyrdy we ekranlaşdyrmasynyň «uly möçberli we barlyşyksyz kino» boljakdygyny aýtdy.
Pellegrinonyň kitaby ABŞ-da 5-nji awgustda, 1945-nji ýylda atom bombasynyň atylmagynyň 80 ýyllygyna gabat getirilip, neşir ediler. Kitapdaky käbir wakalar hakyky durmuşa esaslanýar, ol Hirosimadaky atom partlamasyndan aman galan we soňra Nagasakä gitmek üçin otly bilen ýola çykan, soň bolsa şol şäherdäki ikinji atom hüjüminden hem diri galan Tsutomu Ýamaguçiniň başdan geçirenlerini gürrüň berýär. Kemeron bilen Pellegrino Ýamaguçi bilen duşuşanlarynda, «onuň özboluşly we elhenç tejribesini geljek nesillere ýetirmegi» özlerine borç edinipdirler.

«Bu tema barada kino düşürmegi köp ýyllardan bäri isleýädim, şeýle-de nädip düşürmeli diýip, özüm bilen göreşýädim. Tsutomu Ýamaguçi bilen onuň ýogalmagyndan birnäçe gün öň tanyşdym. Ol hassahanada ýatyrdy. Ol özüniň şahsy hekaýasynyň estafetasyny bize tabşyrýardy we men mundan ýöz öwrüp bilemokdym. Men muny hökman etmeli» — diýip, Kemeron «Deadline» neşirine gürrüň berdi.


şu gün 11:31
83

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....