Marvel “Dedpul we Rosomaha” filminden 400 mln dollar töweregi girdeji gazandy

  • 01.05.2025 11:13
  • 2.2k+

Deadline neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, “Dedpul we Rosomaha” filminiň girdejisi we çykdajylary barada çen-takmyn maglumatlary hödürledi. Olardan ugur alsaň, 2024-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň biri Marvel studiýasyna, takmynan, 400 mln dollar girdeji getirdi.

2024-nji ýylyň ahyryna çenli maglumatlara görä, umumy girdeji, takmynan, 980 mln dollar boldy. Bu mukdardan 620 mln dollar kinoteatr prokatyndan, 150 mln dollar Blu-ray-daky satuwdan, ýene 210 mln dollar bolsa filmiň onlaýn kinoteatrlarda we telewideniýede görkezilmeginden alyndy.
Film üçin çykdajylar 580 mln dollar boldy. Bu mukdara önümçilik býujeti ($200 mln), marketing ($160 mln), aktýorlaryň we surata düşüriji toparyň zähmet tölegleri ($130 mln), şeýle-de beýleki çykdajylar ($90 mln) girdi.
Şeýlelikde, Marvel-iň arassa girdejisi, takmynan, 400 mln dollar boldy. Bu “Dedpul we Rosomaha” filmini soňky ýyllarda studiýanyň iň girdejili taslamasyna öwürýär.


27.06.2026 11:31
2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....