“Minecraft kinoda” filminiň üstünligi Paramount-y täze oýun filmlerini döretmäge ruhlandyrdy

  • 25.04.2025 15:08
  • 2.3k+

Paramount Pictures “Sonik kinoda” älemini ösdürmegi meýilleşdirýär. Kinokompaniýa franşizanyň beýleki personažlary, şol sanda Şadou barada aýratyn filmleri çykarar. Şeýle çözgüt wideooýunlar boýunça düşürilen filmleriň girdeji üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle filmleriň biri-de üç hepde prokatyň dowamynda 720 mln dollardan gowrak girdeji gazanan “Minecraft kinoda” filmi boldy. Ol halkara prokatda öňdebaryjy bolmagyny dowam etdirýär we iň girdejili wideooýun ekranlaşdyrmasynyň arasynda ikinji orny eýeleýär. Birinji orunda 1,36 mlrd dollar gazanan “Doganlar Super Mario” multfilmi galýar.
Şeýlelikde, “Minecraft kinoda” filminiň üstünligi meşhur oýunlara esaslanan maşgala filmlerini döretmäge bolan gyzyklanmany artdyrdy. Paramount muny ösüş üçin geljegi uly ugur hökmünde görýär.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......