“Kesgir gaşlar” filminden Killian Mýorfiniň eşigi auksionda satylar

  • 30.04.2025 12:19
  • 4.6k+

Killian Mýorfiniň “Kesgir gaşlar” (Острые козырьки) serialynda Tommi Şelbiniň rolunda geýen üçli eşigi Omega Auctions haýyr-sahawat auksionyna çykaryldy. Ähli alnan serişdeler onkologiýa keseli bolan adamlaryň goldawyna gönükdiriler.

Auksion 20-nji maýda Mançesterdäki Peaky Blinders barynda onlaýn geçer. Harydyň bahasynyň 1000 – 2000 funt sterling bolmagyna garaşylýar.
Satyljak haryt toplumyna Mançesteriň Williams & Gill ussahanasy tarapyndan tikilen köýnek, aktýoryň serialyň düşürilişinde ýazan haty we bellikli on sahypalyk depderçe girýär. Auksiondan alnan ähli serişdeler onkologiýa kesellilere kömek edýän we The Christie NHS Foundation Trust-da ylmy gözlegleri goldaýan Mançesterdäki The Christie Charity merkezine berler.
Mýorfiniň eşiginden başga-da, auksionda serialdan beýleki predmetler hödürlener: Polli Greýiň paltosy we köýnegi, Oswald Mosliniň şlýapasy we gahrymanlaryň, şol sanda Şelbi maşgalasynyň aýakgaplary.
“Kesgir gaşlar” serialy 2013-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda çykaryldy, ol jemi alty möwsümden ybarat. Häzirki wagtda serialy dörediji Stiwen Naýt onuň dowamy boljak filmiň üstünde işleýär. Onuň wakalary 1900-nji ýylda Birmingemde ýaýbaňlanar. Killian Mýorfi Tommi Şelbiniň roluna gaýdyp geler. Aktýorlar düzümine Stiwen Grem, Tim Rot, Rebekka Fergýuson, Barri Keogan, Sofi Randl, Ned Dennehi, Paki Li we Ien Pek girdi. 


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....