Deadline 2024-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň sanawyny hödürledi: birinji – “Tapmaça 2”

  • 05.05.2025 12:57
  • 1.8k+

Deadline neşiri 2024-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň sanawyny hödürledi. Birinji orny “Tapmaça 2” eýeledi. 200 mln dollar býujet we 500 mln dollar umumy çykdajy bilen onuň arassa girdejisi 650 mln dollar boldy. Kinoteatrlarda kassa ýygymy 1,15 mlrd dollara ýetdi, ýerli prokat hem ýene-de 380 mln dollar girdeji getirdi.

Sanawda öňdebaryjylar Disney studiýasynyň taslamalary boldy we muny kompaniýanyň üstünlikli prokata gaýdyp gelmegi diýip hasaplap bolar. Disney-iň taslamalary ilkinji üç orny eýeleýär. Studiýanyň ýene bir filmi – “Mufasa” dokuzynjy orunda ýerleşdi.

Iň üstünlikli filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi:
10. “Sonik 3 kinoda” (Соник 3 в кино)

  • ·Kassa ýygymy: $491 mln;
  • ·Býujet: $122 mln;
  • ·Marketing: $125 mln;
  • ·Goşmaça girdejiler (sanly, TW, striming): $240 mln
  • ·Arassa girdeji: $123,6 mln.

9. “Mufasa” (Муфаса)

  • · Kassa ýygymy: $722 mln;
  • ·Býujet: $200 mln;
  • ·Marketing: $135 mln;
  • ·Goşmaça girdejiler: $290 mln
  • ·Arassa girdeji: $175 mln.

8. “Kung-fu Panda 4” (Кунг-фу Панда 4)

  • Kassa ýygymy: $548 mln;
  • Býujet: $85 mln;
  • Marketing: $125 mln;
  • Goşmaça girdejiler: $240 mln
  • Arassa girdeji: $178 mln.

7. “Dýuna. Bölüm 2” (Дюна. Часть 2)

  • · Kassa ýygymy: $714 mln;
  • ·Býujet: $200 mln;
  • ·Marketing: $155,3 mln;
  • ·Goşmaça girdejiler: $375 mln
  • ·Arassa girdeji: $184,3 mln.

6. “Hemme zat biziň bilen gutarar” (Все закончится на нас)

  • · Kassa ýygymy: $349 mln;
  • ·Býujet: $25 mln;
  • ·Marketing: $60 mln;
  • ·Goşmaça girdejiler: $185 mln
  • ·Arassa girdeji: $207 mln.

5. “Zalym. Günbataryň jadygöýi barada erteki” (Злая: Сказка о ведьме Запада)

  • · Kassa ýygymy: $753 mln;
  • ·Býujet: $150 mln;
  • ·Marketing: $170 mln;
  • ·Goşmaça girdejiler: $330 mln
  • ·Arassa girdeji: $230 mln.

4. “Ýigrenji men 4” (Гадкий я 4)

  • · Kassa ýygymy: $971 mln;
  • ·Býujet: $100 mln;
  • ·Marketing: $170 mln;
  • ·Goşmaça girdejiler: $350 mln
  • ·Arassa girdeji: $370 mln.

3. “Dedpul we Rosomaha” (Дэдпул и Росомаха)

  • · Kassa ýygymy: $1,059 mlrd;
  • ·Býujet: $200 mln;
  • ·Marketing: $160 mln;
  • ·Goşmaça girdejiler: $360 mln
  • ·Arassa girdeji: $400 mln.

2. “Moana 2” (Моана 2)

  • · Kassa ýygymy: $1,333 mlrd;
  • ·Býujet: $150 mln;
  • ·Marketing: $145 mln;
  • ·Goşmaça girdejiler: $340 mln
  • ·Arassa girdeji: $415 mln.

1. “Tapmaça 2” (Головоломка 2)

  • · Kassa ýygymy: $1,698 mlrd;
  • ·Býujet: $200 mln;
  • ·Marketing: $170 mln;
  • ·Goşmaça girdejiler: $380 mln
  • ·Arassa girdeji: $650 mln.

Belläp geçsek, hödürlenen maglumatlar insaýderleriň maglumatlaryna esaslanýar. Deadline-yň kinokompaniýalarda habar çeşmeleri bar, ýöne takyk sanlar tapawutlanyp biler. Şeýle-de bolsa, reýting filmleriň täjirçilik üstünliginiň çen-takmyn derejesine baha bermäge mümkinçilik berýär. 


düýn 22:20
2k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

düýn 11:37
1.6k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....

26.04.2026 16:05
4.9k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

26.04.2026 11:04
4.4k+

«Ratatuý» multfilminiň döredilmegine esas bolan meşhur aşpez Bernar Luazo barada film surata düşüriler

Fransiýada «Ratatuý» multfilminiň döredijilerine ylham beren aşpez Bernar Luazonyň durmuşy barada terjimehal film surata düşüriler. Bu barada «The Hollywood Reporter» neşiri habar berýär....