Antonio Banderas baş aşpez we teleýaýlym alyp baryjysy Entoni Burden hakdaky baýopikde oýnar

  • 27.04.2025 12:06
  • 3.6k+

Antonio Banderas meşhur amerikan aşpezi, teleýaýlymyň alyp baryjysy we syýahatçy Entoni Burden hakdaky “Toni” terjimehal filminde oýnamak üçin keşp aldy. Bu barada Variety habar berýär.

Filmdäki baş keşbi "Galdyrylanlar" teleserialyndaky keşbi bilen tanalýan Dominik Sessa ýerine ýetirer. Filmiň sýužeti gizlin saklanýar, ýöne wakanyň 1976-njy ýylda ýaýbaňlanýandygy mälim.
Banderasyň haýsy keşbi alandygy entek belli däl. Taslama ozal “BlackBerry-ni kim öldürdi” filmini surata düşüren Mett Jonson režissýorlyk eder. Edebi esasyny Lu Hu we Toni Bartels ýazar.
Surata düşürmek işi bilen “Hemme zat hemme ýerde we birbada” we “Gün deňleşmesi” ýaly filmleri bilen meşhur A24 kinostudiýasy meşgullanar. “Toni” filmi indiki aýda surata düşürilip başlanar.
Burden döwrümiziň iň täsirli aşpezlerinden biri hasaplanýar. Ol halkara medeniýetini, aşhanasyny we adam ýagdaýyny öwrenýän programmalary bilen tanalýardy. Ilkinji gezek 2000-nji ýylda neşir edilip, iň köp satylan “Tagamlar hakda: iňňän gizlin” kitaby bilen meşhurlyk gazandy. Aşpez 2018-nji ýylda 61 ýaşynyň içinde aradan çykdy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......