Marvel mazmunyň aşa köpelendigini sebäpli, supergahrymanly filmleriň hiliniň peselendigini boýun aldy

  • 07.05.2025 13:41
  • 4k+

«The Wall Street Journal» neşiri Marvel Studios-nyň häzirki ýagdaýy barada makala çap etdi. Makalada Marvel-iň ýolbaşçysy Kewin Faýgi tomaşaçylaryň studiýanyň filmlerine bolan gyzyklanmasynyň peselendigini boýun aldy we muny mazmunyň aşa köpelmegi bilen baglanyşdyrdy.

Onuň sözlerine görä, studiýa biri-biri bilen baglanyşykly örän köp film we serial çykardy. Şol bir kinoälemde mazmunyň şeýle köp bolmagy, tomaşaçylaryň bir böleginiň irmegine sebäp boldy. Bu ýagdaý kompaniýanyň serişdelerine-de täsir etdi: taslamalaryň hil derejesi peseldi.
Häzirki wagtda Faýgi studiýany täzeden gurmak işlerini alyp barýar, maksady bolsa tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny gaýtadan gazanmak. Makalada bellenilmegine görä, studiýa täze çykan filmleriň kassadaky şowsuzlygynyň yzýany strategiýasyny täzeden gözden geçirer we geljekki filmleriň sanawyna üýtgeşmeler girizer.
Marvel-iň soňky filmi «Gök gürledijiler*» (Thunderbolts*) geçen hepde prokata çykdy we başyny gowy başlady. Filme gowy baha berildi: Rotten Tomatoes maglumatlaryna görä, tankytçylaryň «täzelik» reýtingi 88%, tomaşaçylaryňky bolsa 95% boldy.


düýn 11:31
1.8k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....