Collider ähli döwürleriň iň esasy kinotrilogiýalarynyň sanawyny düzdi: “Ýüzükleriň hökümdary”, “Çokundyran ata”

  • 08.05.2025 12:30
  • 3.7k+

Collider amerikan neşiri taryhda iň esasy kinotrilogiýalaryň reýtingini düzdi. Sanawa kinematografa uly täsirini ýetiren on taslama girdi.

Şeýlelikde, neşir Jon R.R. Tolkiniň Ortaýer baradaky fentezi romanlarynyň ekranlaşdyrylmasy bolan “Ýüzükleriň hökümdaryny” (Властелин колец) iň möhüm trilogiýa diýip atlandyrdy. Piter Jekson tarapyndan 2001-nji ýyldan 2003-nji ýyl aralygynda düşürilen üç bölümiň hemmesi ýokary baha aldy.
Ikinji orunda “Ýyldyz söweşleri” (Звёздные войны / 1977, 1980, 1983) ýerleşdi. Neşiriň pikiriçe, bu filmler çykan wagty uly meşhurlyk gazanyp, pudagy üýtgetdi.

“Ýyldyz söweşleri” kino pudagyny hemişelik üýtgetdi, sebäbi Jorj Lukas 1970-nji ýyllaryň syýasy akymlarynyň täsirini, Jozef Kempbelliň filosofiýasyny, grek mifologiýasyndan wakalary, “Fleş Gordon” ýaly ylmy fantastiki seriallaryň stilini, nusgawy westernleriň başdangeçirmelerini ähli döwürleriň iň meşhur sagasyna birleşdirmegi başardy” – diýlip, makalada aýdylýar.

Üçünji orny Frensis Ford Koppolanyň “Çokundyran ata” (Крёстный отец) trilogiýasy eýeledi. Ýakynda Stiwen Spilberg bu trilogiýanyň birinji bölümini iň beýik amerikan filmi diýip atlandyrdy.
Şeýle-de, öňdebaryjylaryň bäşliginde Riçard Linkleýteriň trilogiýasy – “Säherden öň” (Перед рассветом), “Gün batmasyndan öň” (Перед закатом) we “Ýarygijeden öň” (Перед полуночью) hem-de Kristofer Nolanyň Betmen baradaky franşizasy – “Betmen: Başlangyç”, “Gara rysar” we “Gara rysaryň galkynmagy” (Темный рыцарь: Возрождение легенды) bar.
Sanawa Serjo Leoneniň baş keşpde Klint Istwud bilen “Atsyz adam” (Человек без имени) spagetti-western trilogiýasy (“Bir gysym dollar üçin”, “Biraz köp dollar üçin”, “Gowy, erbet, zalym”) hem goşuldy. Onuň yzyndan bengally klassyk Satýajit Reýiň “Apu trilogiýasy” (Трилогия Апу / “Ýol aýdymy”, “Boýun egmezek”, “Apu dünýäsi”) gelýär.
Şeýle-de, Collider Sem Reýminiň “Eýmenç ölüler” (Зловещие мертвецы), Robert Zemekisiň “Geljege gaýtmak” (Назад в будущее) filmlerini we baş keşplerde Kianu Riwz we Aleks Uinter bilen Bill hem Ted baradaky filmleri belledi.


27.06.2026 11:31
2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....