Tom Felton “Garri Potter” boýunça täze serialyň toparyna goşuldy

  • 06.05.2025 10:35
  • 4.5k+

Garri Potter baradaky filmlerde Drako Malfoýyň keşbi bilen tanalýan aktýor Tom Felton ýazyjy Joan Roulingiň kitaplaryna esaslanýan täze serialyň döredijilik geňeşçisi boldy. Bu barada CBR habar berýär.

Ol döredijilik geňeşçisi hökmünde HBO-nyň taslamasyna gatnaşar. Ýöne ekranda Felton peýda bolmasa gerek.
Şeýle-de bolsa, bu habar filmiň muşdaklarynyň arasynda işjeň pikir alyşmalara getirdi. Käbirleri aktýoryň serialda kameo alyp biljekdigini ýa-da özüniň öňki personažynyň kakasy – Lýusius Malfoýy oýnap biljekdigini çaklady.
Häzirki wagtda serialyň önümçiligi dowam edýär. Ýatlap geçsek, ýakynda birnäçe esasy keşpleri ýerine ýetirjek aktýorlaryň atlary belli boldy. Ýöne häzirlikçe baş gahrymanlar bolan Garri Potteri, Ron Uizlini we Germiona Greýnjeri kimiň oýnajakdygy habar berilmeýär. “Altyn üçlügiň” kastingi heniz tamamlanmady.
Serialyň premýerasy 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär.


şu gün 11:31
658

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
13k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....