Lionsgate Nýu-Ýorky alakalaryň basyp almagy hakynda horror filmini çykarar

  • 07.05.2025 13:46
  • 4.5k+

Lionsgate kinokompaniýasy Nýu-Ýork şäherini agressiw alakalaryň basyp alşyny beýan edýän täze horror filmiň üstünde işleýär. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär.

Filme häzirlikçe at dakylmady, onuň režissýory ozal «The Final Girls» atly horror filme hem-de «The Inbetweeners» serialynyň birnäçe bölümine režissýorlyk eden Todd Ştraus-Şulson bolar.
Nýu-Ýork köpden bäri köp alakaly şäher hökmünde tanalýar. Şäherde dilden-dile geçýän rowaýata görä, her bir ýaşaýjynyň paýyna bäş alaka düşýärmiş. Alakalaryň umumy sany baradaky çaklamalar 2 milliondan 10 million aralygynda üýtgeýär. 2023-nji ýylda alaka hatda şäheriň «We Love New York» atly kampaniýasynyň nyşanyna öwrüldi. Onuň şekili dürli sowgatlyk harytlarda peýda boldy.
2024-nji ýylyň maýynda Nýu-Ýorkyň şäher häkimi alakalar bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan milli maslahat geçirdi. Şol ýylyň oktýabrynda bolsa, şäher ýolbaşçylary haýwanlaryň sanyny gözegçilikde saklamak üçin, gormonal serişdeler goşulan aldawaçlyk iýmleriň ulanylmagyna rugsat berdi.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....