6.8k+

Astanada türkmen-gazak gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Astanada Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. "Türkmenistan" gazetiniň habar bermegine görä, «Akorda» köşgüniň dabaralar otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular...

3.3k+

Serdar Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi

Şu gün, 25-nji noýabrda Astanada döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Akorda» köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi...

17k+

Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystana bardy

Şu gün, 24-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy. Döwlet Baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy...

9.1k+

Jeki Çan Gazagystanda “Hudaýyň sowudy” franşizasynyň täze bölümini düşürer

Meşhur hytaýly aktýor Jeki Çan Gazagystanda “Hudaýyň sowudy” (Доспехи Бога) franşizasynyň dördünji bölümini düşürer. Bu barada Gazagystanyň Salem Entertainment studiýasy öz Instagram sahypasynda habar berdi. “Biz Jeki Çanyň Alma-Ata sapary [sentýabryň ahyry] barada resmi taýdan maglumat berýäris...

11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

4-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedov BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşyk geçirdi...

7.7k+

Gazagystanyň Prezidenti Awazadaky maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

5-nji awgustda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana iş sapary bilen geler. Bu barada gazak Lideriniň metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşar...

5k+

2026-njy ýyla çenli Astanada Merkezi Aziýanyň iň uly maglumat merkezi gurlar

2026-njy ýyla çenli Astanada Merkezi Aziýada maglumatlary gaýtadan işleýän iň uly maglumat merkezi gurlar. Taslama Gazagystanyň Akashi Data Center kompaniýasy bilen Hytaýyň China Mobile telekommunikasiýa korporasiýasynyň  hyzmatdaşlygynda durmuşa geçiriler diýip, “Kompaniýa” neşiri habar berýär...

5.6k+

Starlink 2025-nji ýylda Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar

Starlink hemra interneti 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar. Bu barada Respublikanyň sanly ösüş ministri Žaslan Madiýew habar berdi. Hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolar, ýöne optiki-süýümli aragatnaşygyň bolmadyk uzakdaky ilat nokatlarynyň ýaşaýjylary ilkinjileriň hatarynda göz öňünde tutular...

6.9k+

Serdar Berdimuhamedowyň Astanada “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitindäki çykyşy

Hormatly jenap Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti! Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary! Hormatly wekiliýet agzalary! Ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň...

10k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammite gatnaşýar

Astanada «Garaşsyzlyk» köşgünde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammit öz işine başlady. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy we Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Liderleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär...