Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina belarusly Sobolenkony utup, Australian Open-iň ýeňijisi boldy

  • 01.02.2026 09:09
  • 3.1k+

Gazagystanyň wekili, dünýäniň bäşinji raketkasy Ýelena Rybakina möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň ýeňijisi boldy.
Final duşuşygynda 26 ýaşly Rybakina dünýäniň birinji raketkasy, 27 ýaşly belarusly Arina Sobolenkony 6:4, 4:6, 6:4 hasabynda utdy. Aýgytly üçünji setde Rybakina 0:3 hasaby bilen yza galýardy, emma ol duşuşygyň gidişini öz peýdasyna üýtgetmegi we ýeňiş gazanmagy başardy.

Tennisçileriň arasyndaky şahsy duşuşyklaryň hasaby indi Sobolenkonyň peýdasyna 8:7 boldy. 2023-nji ýylda-da olar Australian Open-iň finalynda duşuşypdy — şonda belarusly türgen ýeňiş gazandy.
Bu titul Rybakina üçin WTA-nyň ýekelikdäki ýaryşlarynda 12-nji boldy. Ol öz karýerasynda ikinji «Uly tuwulga» ýaryşynda ýeňiji boldy: ozal, 2022-nji ýylda tennisçi «Wimbledonda» ýeňiş gazanypdy.
Arina Sobolenkonyň hasabynda 22 sany WTA tituly bar. Ol 2023-nji we 2024-nji ýyllarda Australian Open-de ýeňiş gazandy, geçen möwsümde bolsa finalda amerikaly Medison Kizden utuldy. Şeýle hem belarusly tennisçi 2024-nji we 2025-nji ýyllarda iki gezek US Open-iň ýeňijisi boldy.
Australian Open-iň ýeňijisi, takmynan, 2,88 mln dollar, finalçy bolsa 1,149 mln dollar pul baýragyny alýar. Ýaryş 1-nji fewralda tamamlanar, onuň umumy baýrak gaznasy tas 75 mln dollara barabar. Erkekleriň arasyndaky ýekelikdäki ýaryşyň finalynda ispaniýaly Karlos Alkaras bilen serbiýaly Nowak Jokowiç duşuşar.


22.06.2026 22:55
5.8k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....