Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy

  • 03.11.2025 10:30
  • 10k+

2-nji noýabrda Balkan welaýatynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Dabarada eden çykyşynda döwlet Baştutany umumy uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap ýolda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy.
Bu döwrebap awtomobil ýoly jemi 4 sany hereket zolagyndan ybarat bolar. Onuň ýer düşeginiň giňligi 27,5 metre, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 7,5 metre, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metre barabar bolar. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite beton ýol çäkleri arkaly bölüner. Ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, onuň iki tarapynda hem päsgelçilik gorag germewleri gurnalar. Jemi uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap awtomobil ýoly Türkmenbaşy şäherinden başlap, Garabogazköl aýlagynyň täze awtomobil köprüsiniň üsti bilen “Garabogazkarbamid” zawodynyň golaýynda guruljak aýlawly çatryga çenli aralykdaky menzili öz içine alar. Bu aýlawly çatrykdan hem Gazagystan bilen araçäkdäki döwlet serhedine çenli barar.
Ýoluň hil derejesi dürli gatlardan ybarat bolan döwrebap usullar arkaly üpjün ediler. Tekizlenip, basgylanan toprak gatlagynyň üstünden geotekstil, 30 santimetr galyňlykdaky iri däneli çagyl-çäge garyndysy, 20 santimetr galyňlykdaky ownuk däneli çagyl-çäge garyndysy, 8 santimetr galyňlykdaky öýjükli iri däneli gyzgyn asfalt-beton, 7 santimetr galyňlykdaky dykyz, iri däneli gyzgyn asfalt-beton we jemleýji gatlak hökmünde 5 santimetr galyňlykdaky dykyz, ownuk däneli, gyzgyn asfalt-beton ýazylyp, basgylanar. Bir sagatda 580, 24 sagadyň dowamynda 14 müň sany awtoulaga hyzmat etjek bu häzirki zaman awtoulag ýolunyň ugrunda 8 sany awtobus duralgasynyň, awtoduralga meýdançalarynyň, ýangyç guýujy beketleriň we durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary hem göz öňünde tutulýar. Awtomobil ýolunyň giriş we çykyş nokatlary maglumat gorly serweri bolan döwrebap wideogözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň gurluşyk-taslama işleriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatynyň artmagyna we halkara gatnawlaryň möhüm halkasyna öwrülmegine ýardam berer.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy.


şu gün 11:28
273

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

şu gün 11:27
788

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

şu gün 11:17
1.1k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......