Türkmenistanyň DIM-nde Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

  • 19.10.2025 17:10
  • 2.3k+

17-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary – Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň we gepleşikleriň möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.
Taraplar şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe ikitaraplaýyn çäreleriň, şol sanda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......