Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

  • 18.10.2025 12:05
  • 5k+

17-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda syýasy dialogyň işjeň ilerledilýändigi aýdyldy. Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Gazagystan bilen mundan beýläk-de ynanyşykly dialoga ygrarlydygyny tassyklady.
Myhman Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk, halkara ulag geçelgeleri, hususan-da, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Sanlylaşdyrmak, infrastruktura we innowasiýalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Bu ugurdaky gatnaşyklar iki ýurduň doganlyk halklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Ony ösdürmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparyna möhüm orun degişlidir.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......