В 2026 году культурной столицей тюркского мира станет Андижан

  • 01.12.2025 14:03
  • 7.1k+

28-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Aktauda şäherinde (Gazagystan) Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmen wekiliýtine Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşykdan soň, Hemişelik geňeş TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygynyň geçen döwür üçin edilen işleriň hasabatyny we maliýe hasabatyny tassyklady, şeýle hem medeni paýtagt maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň dowamynda geçirilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada Gazagystanyň maglumatlaryny hasaba aldy.
Geňeş Özbegistanyň Medeniýet ministrliginiň Andijan şäheriniň 2026-njy ýylda Türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi baradaky hasabatyny diňledi we geljekki çäreleriň maksatnamasyny hödürledi.
Mundan başga-da, Hemişelik geňeş TÜRKSOÝ-yň Baş Sekretariatyna Türki medeniýetiň halkara guramasynyň 12-nji Sammitinde kabul edilen karara laýyklykda, Guramany ösdürmek we berkitmek boýunça resminamanyň taslamasyny taýýarlamagy we ony agza döwletleriň ygtyýarly edaralaryna gözden geçirmek üçin hödürlemegi tabşyrdy. Resminamany gutarnykly tassyklanmak Geňeşiň indiki mejlisine meýilleşdirildi.
Hemişelik Geňeş TÜRKSOÝ-yň 2026–2028-nji ýyllar üçin strategik resminamasyny goldady hem-de agza döwletleriň tekliplerine we Guramanyň däp bolan çärelerine esaslanyp, 2026-njy ýyl üçin Iş maksatnamasyny tassyklady. Kabul edilen çözgütlere laýyklykda, TÜRKSOÝ-yň 43-nji döwür üçin Wagtlaýyn utgaşdyryjysynyň ygtyýarlyklary Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligine geçirildi, Geňeşiň 43-nji mejlisiniň bolsa, 2026-njy ýylda Andijanda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
"Aktau – Türki dünýäsiniň medeni paýtagty 2025" ýylyň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde türki dünýäsiniň baý mirasyny görkezýän medeni maksatnama gurnaldy. Çäräniň dowamynda 2026-njy ýyl üçin "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýen adyň gezegi Andijana geçirildi.


вчера 17:31
1.2k+

Туркменистан и Турция провели девятое заседание межправкомиссии

В Ашхабаде прошло девятое заседание Межправительственной туркмено-турецкой комиссии по экономическому сотрудничеству. По итогам обсуждений стороны определили дальнейшие шаги по развитию партнёрства и подписали......

вчера 15:39
1.9k+

В Ашхабаде обсудили новые направления туркмено-американского делового партнёрства

В Торгово-промышленной палате Туркменистана в формате круглого стола состоялся туркмено-американский бизнес-форум. Представители двух стран обсудили перспективы расширения экономического сотрудничества и......

04.06.2026 16:07
2.9k+

Три дня текстиля и моды: в столице открылась TurkmenTextile Expo — 2026

Сегодня в Ашхабаде начал работу один из крупнейших отраслевых форумов года — международная выставка-ярмарка TurkmenTextile Expo — 2026. Корреспондент tmcars оказалась в гуще событий и подготовила репортаж с......

04.06.2026 12:34
4.5k+

В трёх велаятах Туркменистана началась жатва пшеницы

3 июня в Ахалском, Лебапском и Марыйском велаятах началась зерноуборочная кампания 2026 года....