Ýewropanyň çempiony Nani Gazagystanyň «Aktobe» klubunyň oýunçysy boldy

  • 25.01.2026 23:14
  • 5k+

«Aktobe» futbol kluby Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Ýunaýtediň» öňki wingeri Luiş Nani bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi.

39 ýaşly futbolçy bilen baglaşylan ylalaşyk şu ýylyň ahyryna çenli niýetlenendir. Insaýder Iwan Karpowyň berýän maglumatyna görä, portugaliýaly futbolçynyň aýlyk zähmet haky 70 müň dollar bolar. Bellenilmegine görä, klubda ol oýnaýan menejer wezipesini ýerine ýetirer we kluby halkara derejesinde tanatmak bilen meşgullanar.
Ýakynda «Aktobe» kluby «Qazaq Stroy Properties» gurluşyk kompaniýasy tarapyndan 364 million teňňä satyn alyndy. Kompaniýanyň eýesi Nurlan Artykbaýew 228 million dollar baýlygy bilen Gazagystanyň Forbes sanawynda 44-nji ýerde durýar.
Nani 2024-nji ýylda professional karyerasyny tamamlapdy. Ol dürli ýyllarda «Sporting», «Mançester Ýunaýted», «Walensiýa», «Fenerbahçe», «Lasio», «Orlando Siti», «Wenesia», «Melburn Wiktori», «Adana Demirspor» we «Eştrela» ýaly klublarda oýnady.
«Mançester Ýunaýtediň» düzüminde Nani dört gezek Angliýanyň çempiony boldy, iki gezek Angliýanyň liga kubogyny gazandy, Çempionlar Ligasynda ýeňiji boldy, dört gezek Angliýanyň Superkubogyny we Klublaýyn dünýä çempionatyny utdy.
Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin ol 111 oýun geçirip, 24 gol geçirdi. 2016-njy ýylda Nani Ýewropanyň çempiony boldy.


düýn 18:20
3.3k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.7k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.9k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......