Türkmenistan bilen Gazagystan Temirbaba we Bekdaş aralygynda ýerasty optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurar

  • 28.11.2025 10:26
  • 5.6k+

Astana şäherinde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary – emeli aň we sanly ösüş ministri Žaslan Madiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde boldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar kabel serhet geçelgesini gurmak we iki ýurduň magistral telekommunikasiýa ulgamlaryny göni birleşdirmek barada ylalaşdylar. «Türkmentelekom» bilen gazagystanly «TNS-Plus» JÇJ arasynda Niýetler hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Resminamada Temirbaba (Gazagystan) — Bekdaş (Türkmenistan) böleginde ýerasty optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak meýilnamalary berkidilýär. Magistral ulgamlaryň göni birleşdirilmegi sebitiň üstaşyr kuwwatyny güýçlendirmeli, halkara kanallaryň geçirijilik ukybyny artdyrmaly we Merkezi Aziýada täze, has netijeli sanly maglumat geçiriş ugurlaryny döretmeli.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin tehniki ölçegler we resminamalary taýýarlamak bilen meşgullanýan bilelikdäki iş topary dörediler. DWDM tehnologiýalaryny ulanmak bilen esasy gurluşyk işlerini Ähtnama gol çekilen pursadyndan 12 aýyň dowamynda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Duşuşykda infrastruktura böleginden başga-da, sanly hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar emeli aňyň ösüşine, elektron hökümeti kämilleşdirmäge, «Kazpoçta» (Gazak poçtasy) JSS-niň mehanizmleri arkaly sanly söwdanyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, şeýle hem kosmos tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça yzygiderli işleri dowam etdirmäge degip geçdiler.
Türkmenistan Gazagystanyň Almatydaky ESKATO-nyň (Aziýa we Ýuwaş Umman üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy) goldawy bilen Durnukly ösüş üçin Sebit sanly çözgütler merkezini döretmek ideýasyny goldady. Başlanan işiň degişli edaralaryň syýasy goldawyny alandygy we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň teswirnamasynda öz beýanyny tapandygy bellenildi.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

26.05.2026 01:02
4.7k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......