Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

  • 26.05.2026 01:02
  • 4.7k+

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde çig mal önümçiligini artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Pudagyň wekilleri täze giriziljek bu meýilnama sebäpli telekeçileriň goşmaça çykdajylarynyň artjakdygyny, munuň bolsa önümleriň bahasynyň belli bir derejede gymmatlamagyna getirip biljekdigini çaklaýarlar.

Täze döwlet maksatnamasyna laýyklykda, senagat we gurluşyk ministrligi matalaryň hem-de beýleki serişdeleriň daşary ýurtlardan getirilmegini azaltmagy maksat edinýär. Ýurtda pagta ekmekden we ýüňi gaýtadan işlemekden başlap, taýyn eşikleri öndürmäge çenli doly zynjyr dörediler. Döwlet tarapyndan beriljek ýeňillikler we goldawlar göni ýerli çig maly ulanmak şertine bagly bolar. Meselem, Türküstan sebitinde eýýäm pagta ýüplügini öndürýän zawod işleýär, geljekde bolsa hut şol ýerde mata hem dokalyp başlanylar. Kärhanalaryň enjamlaryny täzelemek we täze önümçilikleri açmak üçin telekeçilere pes göterimli karzlar berler.

Harytlary belgilemek taslamasynyň ýolbaşçysy Ýerlan Karabaýew bu ulgamyň basgançakly görnüşde giriziljekdigini mälim etdi. Ilki bilen harytlaryň 10 sany görnüşine bellik ediler. 2027-nji ýylyň güýzüne çenli bolsa bu ulgam 30-dan gowrak haryt koduny gurşap alar. Ýagny, käbir ownuk-uşak zatlardan başlap, tas ähli eşikler hökmany suratda belgileniler.

Çykdajylar sebäpli bahalar az-kem gymmatlar, ýöne işewürler üçin gowy tarapy, döwlet tarapyndan salgyt ýeňillikleri berler.

Häzirki wagtda ýeňil senagatyň Gazagystanyň umumy önümçilik pudagyndaky paýy 1 göterimden hem azdyr. Ýyllyk önümçilik göwrümi takmynan 260 milliard teňňä ýetýär. Bu pudagyň ýarysyndan köpüsini dokma, üçden birinden gowragyny tikinçilik, 10%-den azragyny bolsa aýakgap we deri önümleri emele getirýär.


şu gün 18:57
127

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
950

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

12.06.2026 10:04
5.8k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.7k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......