Türkmenistanyň wekiliýeti Belarusda ylmy-tehniki forumda çykyş etdi

  • 04.11.2025 23:24
  • 1.8k+

zTürkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekiliýeti 30-31-nji oktýabrda Minsk şäherinde geçirilen "Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri" atly XXX Halkara ylmy-tehniki maslahatyna gatnaşdy.

Forum Belarus Döwlet aragatnaşyk akademiýasynyň binýadynda geçirilip, 14 ýurtdan hünärmenleri — alymlary, inženerleri, mugallymlary we telekommunikasiýa pudagynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Institutyň okuw işleri boýunça prorektory, tehniki ylymlaryň kandidaty Kakabaý Hojanepesow çäräniň dowamynda "Türkmenistanyň ösüşi we sanlaşdyrylmagy" atly doklad bilen çykyş etdi. Ol ýurduň telekommunikasiýa pudagynyň ösüşi we Arkadag "akylly şäheriniň" sanly özgerişiniň geljegi barada gürrüň berdi.


Institutyň mugallymlary hem öz ylmy gözleglerini hödürlediler. Hususan-da, "Aragatnaşyk nazaryýeti, maglumatlary geçiriş ulgamlary we torlary" bölüminde, Radioaragatnaşyk we radiotehniki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Öwezmuhammet Babaýew Türkmenistanda 4G standart torlarynyň signallarynyň ýaýraýyş aýratynlyklaryny öwrenmäge bagyşlanan doklad bilen çykyş etdi.


Maslahatyň dowamynda Belarus aragatnaşyk akademiýasynyň rektory, professor A.O. Zenewiç we hyzmatdaş ýurtlaryň kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirildi. Söhbetdeşlikler IT-bilim, matematiki modelirleme, neýrotor tehnologiýalary we programma inženerçiligi ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada boldy.
Gepleşikleriň netijesinde, taraplar bilelikdäki ylmy taslamalary ýola goýmaga we akademiki gatnaşyklary ösdürmäge ymtylýandygyny tassykladylar.


06.03.2026 17:29
5.3k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
831

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

13.02.2026 23:10
6.8k+

Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy

Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi...