Jeki Çan Gazagystanda “Hudaýyň sowudy” franşizasynyň täze bölümini düşürer

  • 07.10.2025 23:11
  • 9.1k+

Meşhur hytaýly aktýor Jeki Çan Gazagystanda “Hudaýyň sowudy” (Доспехи Бога) franşizasynyň dördünji bölümini düşürer. Bu barada Gazagystanyň Salem Entertainment studiýasy öz Instagram sahypasynda habar berdi.

“Biz Jeki Çanyň Alma-Ata sapary [sentýabryň ahyry] barada resmi taýdan maglumat berýäris. Gürrüň meşhur “Hudaýyň sowudy” franşizasynyň täze “Hudaýyň sowudy: Ultimatum” filminiň üstündäki işler bilen baglanyşyklydyr. Millionlarça tomaşaçy tarapyndan halanan meşhur saganyň dördünji bölümi hut Gazagystanda düşüriler” – diýip, studiýa habar berdi. Aktýoryň şähere gabat gelýän ýerleri gözlemek maksady bilen aýlanandygy bellenilýär.

Sýužet we önümçilik işi barada entek maglumat ýok.
“Hudaýyň sowudy” franşizasynyň ilkinji filmi 1986-njy ýylda, ikinjisi – “Hudaýyň sowudy 2: Kondor operasiýasy” 1991-nji ýylda, “Zodiak missiýasy” ady bilen üçünji bölüm bolsa 2012-nji ýylda çykdy. Olaryň ählisinde Jeki Çan diňe bir baş keşbi ýerine ýetirmän, eýsem režissýor hökmünde çykyş etdi.
Belläp geçsek, 2016-njy ýylda Jeki Çan kinematografda bitiren hyzmatlary üçin “Oskar” baýragyny aldy.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......