Türkmenistanly okuwçylar Astanadaky halkara olimpiadada 16 medal gazandylar

  • 18.01.2026 13:37
  • 3k+

2026-njy ýylyň 10-14-nji ýanwary aralygynda Astanada geçirilen matematika, fizika we kompýuter ylymlary boýunça 22-nji Halkara Žautykow olimpiadasynda türkmen mekdep okuwçylary ajaýyp netijeleri görkezdiler. Gazagystanyň Bilim ministrliginiň Daryn merkezi tarapyndan guralan abraýly intellektual marafona 16 ýurtdan 600-den gowrak zehinli ýaşlar gatnaşdy. Halkara olimpiadada 28 okuwçydan ybarat türkmen topary hem üstünlikli çykyş edip, bir altyn, dört kümüş we 11 bürünç – jemi 16 medal gazandy.

Matematika ýaryşynda görnükli netije bilen altyn medal gazanmak Aşgabadyň 86-njy mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanowyň paýyna düşdi.  Bu ugurda kümüş medallary Mälikşa Meýlismyradow (86-njy mekdep), Myrat Ruslanow (97-nji mekdep) we Selim Hommatdurdyýew (135-nji mekdep) kümüş medalyň, Seýitgeldi Hojamuhammedow, Sanjar Hojanyýazow, Söýunmuhammet Geldimmämmedow, Begli Işanmyradow, Kümüş Nobatowa we Begenç Gummanow bolsa bürünç medalyň eýeleri boldular.  
Beýleki ugurlar boýunça hem taýýarlyk derejeleriniň ýokarydygyny fizika ýaryşynda Mary welaýatynyň Şatlyk şäherçesinden Döwlet Annamyradow kümüş medal, Nurgeldi Annagurdow we Aýsenem Kakamyradowa bürünç medal gazanmak bilen subut etdiler. Kompýuter ylymlary ugrundan bürünç medal   Hojamuhammet Hydyrowa, Yhlas Annamyradowa we Kasym Köçekowa mynasyp görüldi.  
Bu üstünlik 2026-njy ýylda türkmen ýaşlarynyň  ilkinji uly halkara ýeňşi boldy. Okuwçylarymyzyň dünýä derejesinde gazanýan şeýle üstünlikleri ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň barha öňe ilerleýändigini tassyklaýar.


19.06.2026 18:41
3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......