Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýdy

  • 25.11.2025 13:24
  • 4.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary Astananyň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Gazagystanyň paýtagtynda türkmen şahyrynyň heýkeli 2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda açyldy. Ýadygärligiň umumy beýikligi 8,5 metre golaýdyr. Heýkeltaraş Magtymguly Pyragynyň döredijilik bilen meşgullanýan pursadyny şekillendiripdir.
Belläp geçsek, geçen ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabatda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur gazak sazandasy, kompozitor Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeli hem oturdyldy. Şol ýylyň oktýabrynda bolsa Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Aşgabadyň «Laçyn» seýilgähinde beýik gazak şahyry, görnükli medeniýet we sungat işgäri Abaý Kunanbaýewiň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....