24-25-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrar

  • 22.11.2025 07:30
  • 7.2k+

2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary meýilleşdirilýär. Sapara taýýarlyk görlüşi barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýuldy. Netijeli döwletara hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilip, dürli ugurlary öz içine alýar. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 180-si bilen berkidildi. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki özara saparlar we duşuşyklar türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Türkmenistan we Gazagystan abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi artýar. Şunda däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministrine Gazagystana boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


şu gün 11:28
242

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

şu gün 11:27
654

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

şu gün 11:17
1k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......