Tokaýew Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň Ýewraziýada durnukly ösüşe goşandyny belledi

  • 13.12.2025 00:59
  • 3k+

Hemişelik oňyn bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara derejesinde abraý getirdi, ýurdumyzyň uly taryhy üstünligine, onuň parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu syýasat giň Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüşe uly goşant goşdy. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabatda Halkara forumda çykyşynda aýtdy.

– Şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara derejede ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy berkitmekdäki aýratyn ornuny tassyklaýar. Bu ýokary derejeli duşuşykda beýan ediljek garaýyşlaryň we teklipleriň XXI asyrda bitaraplygyň möhüm we oňyn ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezjekdigine ynanýaryn – diýip, Prezident Kasym-Žormart Tokaýew belledi.

Goňşy ýurduň Prezidenti Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň türkmen halkynyň köp asyrlyk medeni we ruhy däpleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynda bu möhüm ýörelgäniň öz beýanyny tapýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, parahatçylyk, ynanyşmak we adamkärçilik ýaly esasy gymmatlyklar türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynda öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

– Gazagystan bu möhüm karary goldady, çünki parahatçylyk we ynam biziň daşary syýasy strategiýamyzyň esasy binýadydyr. Biz parahatçylykly, deňagramly diplomatiýany alyp barýarys, netijeli dialoga ymtylýarys, ählumumy we sebitleýin howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýäris diýip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti aýtdy hem-de durnukly ösüş üçin parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.


şu gün 07:42
316

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......