Türkmenistanly talyp «Türki halklaryň iň gowy talyby» adyna mynasyp boldy

  • 30.10.2025 09:47
  • 9.1k+

Astanada L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň Pedagogika ýokary mekdebinde daşary ýurt dilleri (nemes we iňlis) ugry boýunça okaýan türkmenistanly talyp Hemra Parrykow «Türki halklaryň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Bäsleşik Gazagystanyň «Bilim-orkenieti» atly Milli innowasion ylmy-barlag merkeziniň guramagynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Hemra Parrykow birinji derejeli diplom, «Türk halklaryň iň gowy talyby» medaly we ýörite kubok bilen sylaglandy.
Bu üstünlik türkmen talyby üçin ilkinji üstünlik däl. Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan bolan Hemra mundan öň hem birnäçe abraýly bäsleşikleriň we talyp baýraklarynyň ýeňijisi bolupdy. 2023-nji ýylyň dekabrynda ol daşary ýurtly talyplara berilýän «Kültegin» talyp hakynyň eýesi boldy. 2025-nji ýylyň mart aýynda hem «Bilim-orkenieti» merkezi tarapyndan «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen at bilen sylaglanyp, birinji derejeli diplom, medal we kubok aldy.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda H.Parrykow Özbegistanyň Milli ylym we bilim merkezi «ScientificAcademy» tarapyndan guralan halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ol GDA derejesinde «Milli iftihar» («Milli buýsanç») medaly, ýörite sertifikat we ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy.


düýn 18:58
1.3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......