Türkmenistanyň ilçisi Gazagystanda Ýewraziýa milli uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşdy

  • 11.10.2025 18:02
  • 3.7k+

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi B.Rejepow L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde umumy sapak bilen çykyş etdi. Çärä dowamynda ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Ilçi öz çykyşynda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň giň toplumyna degip geçdi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýaşlar syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaş nesliň öňünde goýan möhüm wezipeleri barada giňişleýin gürrüň edildi.
Şeýle hem ilçi Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemleri barada giňişleýin maglumat berdi.
Şeýle hem B.Rejepow çykyşynda oba hojalygy, senagat, ulag we aragatnaşyk, medeni-jemgyýetçilik ösüşi ýaly ugurlarda alnyp barylýan giň möçberli işlere ünsi çekdi. Ol hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylmagyň möhüm ähmiýetini aýratyn belledi.


Umumy sapak tamamlanandan soň, B.Rejepow uniwersitetiň tapawutlanan türkmen talyplaryna minnetdarlyk hatlaryny gowşurdy.
Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň ilçihanasynyň adyndan uniwersitetiň kitaphanasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabyny ýadygärlik sowgady hökmünde gowşurdy.
Şol gün ilçi B.Rejepow L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory Ýerlan Sydykow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem bu ugurlarda gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek boýunça mundan beýläkki bilelikdäki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......