Gazagystanda uzak aralykdan balyk tutma hyzmatyny hödürläp başladylar

  • 31.01.2026 13:38
  • 4.6k+

Gazagystanly programmaçylar çeňňegi onlaýn ýagdaýda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «GoFish» hyzmatyny işe girizdiler. Bu barada taslamanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Ulanyjylara balyk tutmak üçin ýörite ýer we amatly çeňňek saýlamak, soňra bolsa amala aşyrylýan işe uzak aralykdan tomaşa etmek arkaly ony dolandyrmak hödürlenilýär. Balyk tutulýan ýerde ähli işe kömekçi assistent gözegçilik edýär. Ol enjamlary sazlaýar, çeňňegiň ujuna gurçuk  dakýar, balyk tutulandan soň bolsa ony çeňňekden aýryp, kamera görkezýär.
Hyzmat häzirlikçe synag görnüşinde ýerine ýetirilýär. Balyk tutmaga niýetlenen ýerlerden bolsa diňe Almaty şäheriniň golaýyndaky bir köl elýeterli. Ýöne soňlugy bilen hyzmata Italiýadaky Komo kölüni, Norwegiýanyň fýordlar sebitini, Meksikanyň okean kenaryny we balyk tutmak üçin oňaýly hasaplanylýan beýleki ýerleri hem goşmak göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda tutulan balyklar yzyna - suwa goýberilýän bolsa-da, ykjam goşundy doly güýjünde işläp başlandan soň, tutulan balygy ulanyja eltip bermek hyzmatyny hem ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Işläp düzüjiler taslamany maliýeleşdirmek üçin Kickstarter platformasynda krautfanding yglan etmäge taýýarlanýarlar.


09.06.2026 07:41
11k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

07.03.2026 20:33
7k+

Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy

Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär...

07.03.2026 16:39
23k+

Şotlandiýada 55 sany läheň özüni kenara taşlady: munuň sebäbi näme?

Şotlandiýada 55 sany läheň (kit) özüni kenara urdy. Independent neşiriniň habar bermegine görä, 6-njy mart güni irden bir kişi Treýg-Mor kenaryndaky äpet jandarlary görüp, bu barada polisiýa habar ýetiripdir. Wakanyň bolan ýerine Britaniýanyň deňiz haýwanlaryny halas ediş gullugynyň hünärmenleri geldiler...

24.02.2026 10:49
13k+

Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi

Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi...