Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi

  • 30.11.2025 09:21
  • 3.3k+

28-nji noýabrda Almaty şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Gazagystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň (UNRCCA) ýardam bermeginde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň, BMG-niň syýasy meseleler we parahatçylygy gurmak meseleleri boýunça bölüminiň, şeýle hem UNRCCA-nyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi B.Rejepow wekilçilik etdi. Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň howpsuzlygy, durnukly ösüşi we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny belledi. Şeýle-de, Türkmenistanyň hereketleri halkara derejesinde ykrar edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalarynda berkidilen hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda we ykdysadyýet, ulag-logistika geçelgeleri, suw-energetika we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri öz içine alýan sebit hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsirini ýetirýän wakalar we meýiller barada hem pikir alyşmalar geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle duşuşyklaryň ýüze çykýan howplara öz wagtynda jogap bermekde we täze wehimlere bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmakda möhüm ähmiýeti nygtaldy.


düýn 18:54
2.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......