Serdar Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi

  • 25.11.2025 17:59
  • 3.3k+

Şu gün, 25-nji noýabrda Astanada döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Akorda» köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-gazak gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.
Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Duşuşykda syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, durnukly ösüş meselelerinde dialogy giňeltmek, durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynda, hususan-da, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda birek-biregiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ýaly meselelere aýratyn üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda gazanylan netijelere kanagatlanma bildirip, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak babatda tagallalary işjeňleşdirmegiň, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň işini ilerletmegiň zerurdygyny aýtdy. Şular bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ulag, energetika, oba we suw hojalygy, medeniýet, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem teklipleri beýan etdi.
Giňişleýin düzümdäki türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......