Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň«Altyn Bürgüt» ordeni bilen sylaglandy

  • 25.11.2025 18:40
  • 8.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň ýokary döwlet sylagy — «Altyn Bürgüt» (Altyn Kyran) ordeni bilen sylaglandy. Dabara Astanada ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soňra geçirildi diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Serdar Berdimuhamedowa bu ýokary sylagy gowşuryp, däp bolan türkmen-gazak dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsy goşandyny belledi. Gazak Lideriniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Serdar Berdimuhamedow Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine goşan goşandy üçin bu abraýly sylaga mynasyp boldy.
Dabaranyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bu abraýly sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistanyň halkyna goýulýan uly hormatyň nyşany, iki halky köp asyrlaryň dowamynda birleşdirip gelýän berk dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
«Altyn Bürgüt» ordeni Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary tapawutlandyryş nyşanydyr. 1995-nji ýylda döredilen bu abraýly sylag bilen Gazagystanyň öňünde aýratyn hyzmatlar bitiren raýatlar, häzirki zamanyň görnükli döwlet, jemgyýetçilik we syýasy işgärleri sylaglanylýar. Ýeri gelende, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen gazak Lideri Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan türkmen halkynyň Milli Liderine hem «Altyn Bürgüt» ordeniniň gowşurylandygyny bellemek gerek.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......