Gazagystanda müň düýeden ybarat kerwen Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 15.10.2025 11:33
  • 9.9k+

Gazagystanyň Almaty welaýatynda dünýä rekordy goýuldy – müň sany bir örküçli düýeden ybarat kerwen dünýäde iň ulusy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizildi. Bu barada welaýat häkimliginde habar berildi.

20-nji sentýabrda Ili etrabynyň Kurty obasynda kerwen bir kilometr aralygy geçdi. Rekord Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili Riçard-Uilýam Stenning tarapyndan ýazga alyndy, häzir bolsa resmi taýdan hasaba alyndy.
Stenning bu wakanyň üýtgeşikdigini, çünki ähli düýeleriň bir adama degişlidigini, beýleki ýurtlarda bolsa şeýle ýörişleriň, adatça, dürli hojalyklardan jandarlary ýygnaýandygyny belledi.


Hünärmen Gazagystanyň özünde uly täsir galdyrandygyny we indiki gezek syýahatçy hökmünde ýurda gelmek isleýändigini aýtdy.
Taslamany öňe süren we kerweniň eýesi, “Daulet-Beket” jogapkärçiligi çäkli guramanyň direktory Sydyk Dauletow taýýarlygyň ýarym ýyl töweregi wagt alandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, müň düýäni ýygnamak aňsat iş bolmady, ýöne topar baş alyp çykdy.
Dauletow geljekki meýilnamalary bilen hem paýlaşdy: ol düýe süýdünden alynýan gazak içgisi şubatanyň (çal) festiwalyny geçirmek isleýär. Ol taslamanyň we geljekki festiwalyň maksadynyň adamlara sähranyň milli däp-dessurlaryny we medeniýetini ýatlatmakdygyny aýtdy. 


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....