8.5k+

Türkmenistanly hünärmenler Italiýada energiýa seýilgähleriniň dörediliş tejribesini öwrendiler

22–24-nji sentýabr aralygynda türkmenistanly hünärmenler Italiýada bolup, tehnologik energiýa seýilgähleriniň dörediliş tejribesini öwrendiler. Sapar ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guraldy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyň wekilleri Ýewropa Komissiýasynyň Bilelikdäki gözleg merkeziniň hem-de Milan Politehniki uniwersitetiniň alymlary bilen duşuşyklary geçirdiler...

11k+

Elektrik energiýasynyň jan başyna sarp edilişi boýunça ýurtlaryň reýtingi düzüldi

ýurtlaryň ösmegi bilen ilatyň jan başyna elektrik energiýasyny sarp edişi ýokarlanýar, bu görkeziji esasanam, senagat we şäher ýerlerinde artýar. Ember’s Electricity Data Explorer-e esaslanan bu görnüş dünýäniň iň uly ykdysadyýetlerinde energiýa sarp edilişiniň nähili paýlanýandygyny we soňky onýyllykda nähili üýtgändigini görkezýär...

2.2k+

Merkezi Aziýa we Ýaponiýa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar

16-njy sentýabrda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energetika Dialogy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, agzalan çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň ýangyç-energetika pudagynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly we şahsy gatnaşdylar...

3.4k+

Fizikler buzy epip, elektrik energiýasyny aldylar

Alymlar suw buzy epilende elektrik togunyň çykýandygyny ýüze çykardylar. Fleksoelektrik täsiri diýlip atlandyrylýan bu hadysa dürli temperaturalarda syn edildi. Bu açyş çabga bulutlarynda ýyldyrymyň nähili emele gelýändigine has gowy düşünmäge kömek edýär...

5.8k+

Hytaý dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaýyň Dongfang Electric kompaniýasy 26 megawatt kuwwaty bolan dünýäde iň güýçli deňiz ýel turbinasyny oturtdy. Bu barada Interesting Engineering neşiri habar berýär. Mundan ozal Daniýanyň kenarynda oturdylan kuwwaty 21,5 megawat bolan Siemens Gamesa turbinasy öňdeligi eýeleýärdi, emma Hytaýyň täze taslamasy bu görkezijiden ýokary boldy...

5.5k+

Hytaý uçýan elektrik stansiýasyny - dirižablyň we ýel turbinasynyň gibridini synamaga taýynlanýar

Hytaýyň Beijing SAWES Energy Technology Company kompaniýasy asman ýel elektrik stansiýasyny - turbinaly dirižably synagdan geçirmäge taýýarlyk görýändigini yglan etdi. Geliý bilen doldurylan howa gämisi 1500 metr belentlige çykar, ol ýerde ýeliň tizligi Ýeriň ýüzündäkä garanyňda, takmynan, üç esse ýokarydyr diýip, South China Morning Post belleýär...

4.7k+

Afrika Hytaýdan rekord mukdarda Gün panellerini satyn aldy

2025-nji ýylda Afrika ýurtlary Hytaýdan geçen ýylkydan has köp Gün panellerini satyn aldylar. Diňe maý aýynda yklym umumy kuwwaty 1,57 GWt bolan panelleri import etdi, bu bolsa taryhy maksimum boldy. Şol bir wagtyň özünde, bu ösüş ýigrimi töweregi kiçi ýurt tarapyndan amala aşyryldy diýip, Wired habar berýär...

7.1k+

ABŞ-dan başlangyç kompaniýa kosmosa äpet aýna ugradar. Ol näme üçin gerek?

Amerikanyň Reflect Orbital başlangyjy kosmosa äpet aýnany ibermegi meýilleşdirýär. Ol Gün şöhlesini tutup, ony Ýere gönükdirer diýip, Kaliforniýada ýerleşýän kompaniýa habar berýär. Taslama gijesine gury ýeriň we deňziň käbir böleklerini ýagtylandyrmaga kömek eder diýlip garaşylýar...

5.4k+

Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi talyplyga kabul edýär

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul etmek işiniň dowam edýändigini habar berýär: Elektrik beketler, torlar we ulgamlar...

2.3k+

Kaliforniýada ilkinji gezek elektrik energiýasynyň üçden iki bölegi arassa çeşmeleriň paýyna düşdi

2023-nji ýylda Kaliforniýanyň elektrik energiýasyna zerurlyklarynyň 67%-i arassa energiýanyň hasabyna üpjün edildi. Bu öňdebaryjy dünýä ykdysadyýetleriniň arasynda rekord görkezijidir. Ştatyň gubernatory Gewin Nýusom Kaliforniýanyň federal häkimiýetleriň hereketlerine garamazdan ýaşyl energetikany ösdürmegi dowam etdirjekdigini aýtdy...

1k+

Meta kompaniýasy EA maglumat merkezlerini geotermal energiýa bilen üpjün eder

Meta kompaniýasy XGS Energy bilen geotermal tehnologiýalar arkaly öndürilýän uglerod taýdan bitarap 150 megawattlyk elektrik energiýasyny üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu energiýa kompaniýanyň Nýu-Meksiko ştatyndaky (ABŞ) emeli aň bilen baglanyşykly maglumatlary işläp taýýarlaýan maglumat merkezlerinde peýdalanylar...

4.3k+

Raşid Meredow Tähran dialog forumy – 2025-de çykyş etdi

18-19-njy maýda Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň guramagynda Tähran dialog forumy – 2025 (Tehran Dialogue Forum) geçirildi...

8.2k+

Awstraliýaly alymlar plastik aýnalaryny ulanyp, Gün energiýasyny öndürmegiň çykdajysyny 40% peseltdiler

Awstraliýaly alymlar Gün energiýasynyň öndürilişiniň çykdajysyny 40% azaldyp biljek ýeňil plastik aýnalary işläp taýýarladylar. Ilkibaşda awtoulaglar üçin işlenip düzülen tehnologiýa indi oba hojalygynda we senagatda çykdajylary peseltmäge, şeýle hem uglerod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berer diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär...

6.9k+

Maskyň superkompýuteri 300 000 öýe ýeterlik tok sarp edýär

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan Colossus superkompýuteri Memphis Supercluster taslamasynyň çäklerinde doly güýjüne işläp başlady. Onuň energiýany sarp edişi şeýle bir ýokary welin, ol 300 000 ýaşaýyş jaýynyň sarp etjek toguna barabar diýip, Tom’s Hardware habar berýär...

4.6k+

Dünýäde ilkinji gezek Şweýsariýada demir ýollara Gün panelleri oturdyldy

Dünýäde ilkinji gezek Şweýsariýada sökülip-oturdylýan Gün panelleri hereket edýän demir ýol ugruna ornaşdyrylyp, işe girizildi. Bu ulgam jemi 48 sany, hersi 385 wattlyk kuwwaty bolan fotoelektrik modulyndan ybarat bolup, ýylyň dowamynda, takmynan, 16 megawatt-sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply diýip, «Sustainability Times» habar berýär...

7.6k+

Dünýäde emeli aň bilen enjamlaşdyrylan ilkinji atom elektrik stansiýasy peýda boldy

Kaliforniýada (ABŞ) işläp duran ýeke-täk atom elektrik stansiýasy bolan Diablo Canyon-yň işgärleri tehnologik resminamalary dolandyrmak üçin emeli aňdan peýdalanyp başladylar. Bu çözgüt stansiýanyň 2029-njy ýylda işden çykarylmagyna taýýarlyk görülýän döwri kabul edildi diýip, «Gizmodo» habar berýär...

2.5k+

Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyjy bilen işleýän reaktory üstünlikli işe girizdi

Hytaý Gobi çölünde toriý ýangyçly 2 MWt-lyk synag üçin niýetlenen ergin-duzly reaktory (EDR) üstünlikli işe girizdi. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berýär. Şanhaýyň amaly fizika instituty tarapyndan dolandyrylýan reaktor hiç hili durmazdan, öz ýangyjyny doly ulanyp, soňra täzeden dolduryp, doly iş tapgyryny tamamlady...