Tokioda energiýa çykdajylaryny azaltmak üçin döwlet gullukçylaryna şorty geýmek maslahat berilýär

  • 28.04.2026 14:27
  • 6.8k+

Tokio häkimiýeti döwlet gullukçylaryna mümkin boldugyndan ýeňil geýime geçmegi, şol sanda şorty, polo köýneklerini we krossowkalary geýmegi resmi taýdan maslahat berdi. «The Guardian» neşiriniň gubernator Ýuriko Koike salgylanyp habar bermegine görä, bu çäre ýakynlaşyp gelýän tomus yssysynda elektrik energiýasyny tygşytlamaga gönükdirilendir.

Rahat geýim işgärlere ýokary temperaturany has ýeňil geçirmäge we sowadyjylary seýrek ulanmaga mümkinçilik berer diýlip pikir edilýär.

Bu maslahat 2005-nji ýylda ýylylygyň artmagyna we serişdeleriň aşa sarp edilmegine garşy göreşmek üçin başlanan «Cool Biz» maksatnamasynyň dowamy boldy. Ýöne 2026-njy ýylda Ýakyn Gündogardaky durnuksyzlyk sebäpli nebitiň bahasynyň galmagy we awiasiýa ýangyjynyň ýetmezçiligi bu meseläniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýaponiýanyň nebit importynyň 90%-i dawaly çäklerden geçýän üpjünçilik ýollaryna bagly bolandygy sebäpli, hökümet tygşytlylygyň berk çärelerini görmäge mejbur bolýar.

Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýurt eýýäm strategik nebit ätiýaçlyklaryny ulanmaga we ýollary dawa zolagyndan geçmeýän alternatiw üpjünçileri gözlemäge başlady. Ofisdäki geýim düzgüniniň (dress-kod) ýeňilleşdirilmegi bolsa, çökgünlik döwründe ýurduň energiýa ulgamyna düşýän agramy azaltmagyň ýönekeý, ýöne netijeli usullarynyň biri hökmünde görülýär.


düýn 10:00
3.9k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......