Ýaponiýa iň uly atom elektrostansiýadaky reaktory işe girizenden soň ony gysga wagtda togtatdy

  • 24.01.2026 19:26
  • 11k+

Ýaponiýanyň Niigata prefekturasynda ýerleşýän we dünýäde iň uly hasaplanýan «Kasiwadzaki-Kariwa» atom elektrik stansiýasynyň reaktory gaýtadan işe girizilenden birnäçe sagat soň ýene-de wagtlaýyn togtadyldy. Bu barada BBC neşiri elektrik stansiýanyň operatory Tokyo Electric Power Company (TEPCO) kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.
TEPCO-nyň wekilleriniň aýtmagyna görä, 6-njy reaktoryň işe girizilen wagtynda  ýagdaýy durnukly bolsa-da, nämüçindir birnäçe sagatdan howply duýduryş signaly ýaňlanypdyr. 
Aslynda reaktoryň işe girizilmegi sişenbe gününe meýilleşdirilipdi, ýöne signal bilen bagly tehniki meseleler sebäpli yza süýşürildi. Reaktoryň täjirçilik maksatly ulanylyşy fewral aýynda başlamaly.
Bu 2011-nji ýylda «Fukuşima» betbagtçylygyndan soňkystansiýada gaýtadan işe girizilen ilkinji reaktordyr. Şol gezek bolup geçen 9,0 ballyk ýer titremesi radiasiýanyň syzylmagyna sebäp bolup, Ýaponiýada 150 müňden gowrak adamy öýlerini terk etmäge mejbur edipdi.
6-njy reaktoryň ýapylmagyndan soň, TEPCO onuň ýagdaýynyň durnuklydygyny we daşky gurşawa radiasiýa täsiriniň ýokdugyny nygtady. Kompaniýa häzirki wagtda signala nämäniň sebäp bolandygyny derňeýär. Reaktoryň haçan işläp başlajagy entek belli däl.


24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

08.06.2026 13:01
9.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
8.1k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.7k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......