Klimatologlar uly Gün energiýasy stansiýalarynyň ýagşyň ýagmagyna sebäp bolup biljekdigini anykladylar

  • 21.04.2026 14:55
  • 4.5k+

Hoenhaým uniwersitetiniň klimatology Oliwer Branç tarapyndan geçirilen barlagda uly Gün elektrik stansiýalarynyň gurak sebitlerde ýagşyň ýagmagyna ýardam edip biljekdigi aýdylýar.

Modele görä, paneller Gün şöhlesiniň 95% -ine çenlisini özüne çekýär we töweregindäki çägedenem güýçli gyzýar. Temperatura tapawudy howa akymlarynyň ýokarlanmagyny güýçlendirýär, bu bolsa bulutlaryň emele gelmegine we çyglylyk bar bolsa ýagşyň ýagmagyna sebäp bolup biler. Pars aýlagyndan öwüsýän ýeller bu çyglylygyň çeşmesi bolup biler.

Hasaplamalar görkezýär, 20 inedördül kilometr meýdany bolan ferma amatly şertlerde 600 000 kub metre çenli ýagyş berip biler, bu takmynan 60 inedördül kilometr meýdana takmynan 1 sm ýagyş diýmekdir. Eger şeýle ýagyş tomusda 10 gezege çenli ýagsa, bu mukdar 30 000-den gowrak adamy bir ýylyň dowamynda suw bilen üpjün etmäge ýeterlik bolardy.

Şol bir wagtda netije paneliň gurluşyna baglydyr. Barlagda garamtyl görnüşler ulanyldy, häzirki zaman modelleri bolsa gyzmaklygy azaltmak üçin köplenç şöhläni serpikdiriji reňkde bolýar.

Awtorlar netijeleriň iş ýüzünde synagdan geçirilmelidigini nygtaýarlar. Şeýle taslamalar, şol sanda Hytaýda hem eýýäm durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen ugurdaş, BAE-de emeli usulda ýagyş ýagdyrmak tehnologiýalary ulanylyp gelinýär.
 


17.06.2026 10:34
2.2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 11:09
2k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

04.06.2026 19:55
6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......