Şu gün Ýer bir sagatlyk tümlüge bürener

  • 28.03.2026 15:20
  • 17k+

Şu gün, 2026-njy ýylyň 28-nji martynda bütin dünýäde millionlarça adamlar, müňlerçe şäherler we ýüzlerçe meşhur binalar taryhda iň köpçülikleýin ekologiýa aksiýasyna goşular. Olar planetamyzyň geljegi baradaky aladanyň nyşany hökmünde bir sagatlyk yşyklaryny söndürer.

«Ýer sagady» diýlip atlandyrylýan bu aksiýa her ýyl martyň soňky şenbesinde geçirilýär. Ol bütin dünýäde bir wagtyň özünde geçmän, Ýeriň aýlanmagy bilen bilelikde hereket edip, yklym yzy yklymy gurşap alýar. Ilki bilen yşyklar Ýuwaş umman adalarynda, soňra Awstraliýada we Aziýada, ondan soň Ýewropada we Afrikada söndüriler. Aksiýa Demirgazyk we Günorta Amerikada tamamlanar.

Ýeriň dürli künjegi nobatma-nobat elektrik energiýasyny bir sagatlyk öçürýänçä, bu aksiýa tas bir gije-gündiz dowam edýär. Yşyklar her sebitiň öz ýerli wagty bilen sagat 20:30-dan 21:30-a çenli söndürilýär.

Bütindünýä ýabany tebigat gaznasy (WWF) tarapyndan guralan bu aksiýa elektrik energiýasyny tygşytlamagy däl-de, ilkinji nobatda, klimatyň üýtgemegine we tebigy serişdeleri gorap saklamaga ünsi çekmegi maksat edinýär. Oňa 180-den gowrak ýurt gatnaşýar. Aksiýanyň çäklerinde Eýfel diňi, Kolizeý we Beýik Hytaý diwary ýaly belli binagärlik ýadygärlikleriniň, şeýle-de Big-Ben, Burj Halifa ýaly diňleriň hem yşyklary wagtlaýyn söndürilýär.

Guramaçylar bu bir sagat wagty gajetlerden daşda, maşgalaň bilen bilelikde ýa-da ümsümlikde oýlanmalar bilen geçirmegi, tebigat üçin peýdaly işler bilen meşgullanmagy maslahat berýär.


20.06.2026 20:25
10k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

18.06.2026 09:51
2.8k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:21
3.8k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

15.06.2026 12:26
931

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......