Alymlar Gün ýylylygyny ýyllar boýy saklamaga ukyply molekulany döretdiler

  • 17.02.2026 20:02
  • 2.8k+

Santa-Barbaradaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesini siňdirip, ony ýyllar boýy saklamaga we soňra zerur wagty ýylylygy bölüp çykarmaga ukyply organiki birleşmäni döretdiler. Laboratoriýa barlaglarynda bu ýylylygyň otag temperaturasyndaky suwy gaýnatmaga ýetýändigi subut edildi.
Bu madda molekulýar Gün energiýasyny saklamak ugruna degişlidir. Adaty Gün panellerinden tapawutlylykda, bu ýerde energiýa elektrik toguna öwrülmän, göni molekulanyň gurluşynda berkidilýär. Günüň şöhlesi bilen formasyny üýtgedip, ýokary energetik ýagdaýa geçýän täze molekula gysylan pružina meňzeş hereket edýär. Katalizator goşulanda molekula başlangyç ýagdaýyna dolanyp, ýygnanan ýylylygy goýberýär.
Birleşmäniň esasy hökmünde DNK-nyň bölegine meňzeýän pirimidon alyndy. Alymlar kompýuter modelirlemesi arkaly onuň gurluşyny has durnukly we sygymly görnüşe getirdiler. Onuň energiýany saklamak ukyby her kilograma 1,6 megajoulldan geçýär. Bu bolsa litiý-ion batareýalarynyň görkezijisinden takmynan iki esse köpdür.
Hünärmenler bu tehnologiýany portatiw ýyladyş ulgamlarynda we awtonom desgalarda ulanmagy meýilleşdirýär. Bu usul häzir deslapky tapgyrda bolsa-da, Gün energiýasyny tygşytly saklamagyň täze we geljegi uly ýoluny görkezýär.


şu gün 10:53
560

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....