Hökümet mejlisinde Lebap welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalar barada maglumat berildi

  • 11.04.2026 23:33
  • 8.4k+

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen bir hatarda, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerine hem garady.

Döwlet Baştutanynyň Buýrugyna laýyklykda, şu ýyl Lebapda 8 sany binanyň we desganyň açylmagy meýilleşdirilýär. Olaryň gurluşygy bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek maksady bilen ýokary depginde alnyp barylýar.

Senagat we gurluşyk serişdeleri

Döwletli etrabynyň Dostluk şäherinde bilelikdäki «Türkmengips» hojalyk jemgyýetiniň zawodynyň gurluşygy dowam edýär. Kärhana ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton öndürer.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça işler alnyp barylýar.

Energetika we ýol infrastrukturasy

Sebiti ygtybarly energiýa bilen üpjün etmek üçin täze elektrik beketleriniň we elektrik geçirijileriň gurluşygy dowam edýär.

Munuň bilen bir wagtyň özünde, ýol gulluklary döwlet we ýerli ähmiýetli ýollaryň, köprüleriň, şeýle hem sebitiň oba-şäherlerindäki köçeleriň we ýanýodalarynyň meýilleşdirilen abatlaýyş işlerini amala aşyrýar.

Himiýa pudagy

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenabat himiýa zawodyny giňeltmek işlerini dowam etdirýär. Bu ýerde ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürjek toplum gurulýar. Bu bolsa ekerançylary zerur dökünler bilen üpjün eder.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty jemläp, desgalaryň hilini we ulanmaga berilmeli möhletlerini berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem sebitiň önümçiliklerini we ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegi tabşyrdy.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.2k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
749

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......