12k+

+44 gradusa çenli yssy bolar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

5.4k+

BMW öwrüm görkezijilerini özbaşdak ýakýan iX3 elektromobiliniň nusgasyny görkezdi

BMW täze Neue Klasse platformasynyň esasynda döredilen iX3 elektromobiliniň nusgasyny hödürledi. Ulag The Verge-iň žurnalistleri tarapyndan eýýäm synag edildi. Neşir bu elektromobilde sürüjä kömek ulgamynyň has “ýumşak” işleýändigini aýtdy, ýagny ol dolandyryşy öz üstüne almaýar-da, sürüjä diňe kömek edýär...

6.3k+

Toyota robotlar we EA bolan dünýäde ilkinji synag şäherini açmaga taýýarlanýar

Toyota kompaniýasy özboluşly  taslamany – Woven City atly dünýäde ilkinji akylly şäheri işe girizmäge taýýarlanýar. Onuň açylyşy şu ýylyň güýzüne meýilleşdirildi diýip, Interesting Engineering habar berýär. Şäher Tokiodan 140 km uzaklykda, Sidzuoka prefekturasyndaky öňki Higasi-Fudzi zawodynyň ýerinde döredilýär...

11k+

Janköýerleriň ýürekleri oýundan öň oýun wagtyndakysyna garanyňda has çalt urýar. Alymlar munuň sebäbini anykladylar

Görlüp oturylsa, futbol janköýerleri oýnuň dowamynda däl-de, eýsem ondan öň has uly tolgunmany başdan geçirýän eken. ABŞ-ly we braziliýaly alymlar “Proceedings of the National Science Academy” žurnalynda çap edilen barlagda  janköýerleriň ýüreginiň näme üçin oýna başladýan jürlewügiň çalynmazdan öň has çalt urýandygyny anykladylar...

7.7k+

Täze tapyndylar gark bolan “San-Hose” galeonynyň syrlaryny açýar

Gark bolan “San-Hose” ispan galeonyndan (uly gämi) tapylan teňňeler alymlara onuň hakykylygyny we taryhy ähmiýetini tassyklamaga kömek etdi. 1708-nji ýylda Kartahenanyň kenarynda gark bolan “San-Hose” ispan galeony Kolumbiýanyň hökümeti tarapyndan baryp 2015-nji ýylda tapylypdy...

5.9k+

Açyk reňkli awtoulaglar ýyl geçdikçe bahasyny gowy saklaýar, ýöne olary satmak kyn - barlaglar

Açyk reňkli, ýagny sary, ýaşyl ýa-da mämişi awtoulaglaryň bahasy gara, ak ýa-da çal reňkli awtoulaglaryň bahasyndan haýal düşýär. Bu barada iSeeCars barlagyna salgylanýan CarBuzz ýazýar. Üç ýylyň dowamynda sary awtoulaglar bahasynyň ortaça 24%-ni (ABŞ bazarynda 13 600 dollar), mämişi awtoulaglar 24,4%-ni, ýaşyl awtoulaglar 26,3%-ni ýitirýär...

2.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynda ýerli telekeçiler bilen duşuşyk geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynda bu ýurduň orta telekeçilik kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşyga Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumynyň Prezidenti Martin Ang, şeýle hem «Intelligent PIE Consulting Sdn Bhd», «Marrybrown», «Julie's Manufacturing Sdn...

2.1k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistan bilen Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Wenesuelanyň wekiliýetine bu ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Tatýana Pýu Morena ýolbaşçylyk etdi...