Aşgabatda Türkmenistanyň we Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

  • 14.06.2025 13:39
  • 2.1k+

13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistan bilen Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Wenesuelanyň wekiliýetine bu ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Tatýana Pýu Morena ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň derejesi, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dürli saparlaryň we halkara çäreleriň çäklerinde geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ähmiýetini bellemek bilen, M.Bäşimowa hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek üçin şeýle geňeşmeleriň möhümdigini belledi.
Söwda-ykdysady ugurda, şol sanda energetika, nebit we gaz senagaty, “ýaşyl” tehnologiýalar we oba hojalygy ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge umumy gyzyklanma beýan edildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Wenesuelanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri gurnamak we geçirmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministrligi bilen Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Daşary işler boýunça halk häkimiýeti ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeleriň mehanizmini döretmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......