Alymlar kömür gazylyp alnanda galýan galyndylary berk semente öwürdiler

  • 14.06.2025 19:32
  • 3.9k+

Russiýanyň Perm milli ylmy-barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) alymlary kömür gazylyp alnanda galýan galyndylary – terrikonikleri sement önümçiliginde peýdalanmagyň usulyny tapdylar. Täze düzüm adaty sementden 21% has berk. Bu baradaky ylmy iş «Himiýa. Ekologiýa. Urbanistika» atly ýygyndyda «Prioritet 2030» maksatnamasynyň çäklerinde neşir edildi.

Terrikonikler – kömür gazylyp alnanda emele gelýän boş dag jynslarynyň üýşmeleňidir. Olar öz-özünden ýanyp, howa zäherli maddalary goýberip biler: diňe bir terrikonik bir günde 4-5 tonna uglerod oksidini we 600-1100 kilogram aralygynda kükürt angidridini howa goýberýär. Terrikonikleriň rekultiwasiýasy gaty gymmada düşýär, üstesine-de, ösümlikleriň sagdyn ýetişip bilmeýändigi sebäpli, hemişe netijeli hem bolmaýar
Alymlar terrikonikleri portlandsemente we betona goşmaça mineral hökmünde ulanmagy teklip etdiler. Bu usul materiallaryň berkligini, suw geçirmezligini we poslama garşylyklygyny artdyrýar, şeýle-de tebigy çig mallaryň tygşytlanmagyna mümkinçilik berýär. Alymlar Kizel kömür basseýninde, galyndylaryň mukdarynyň 13 million kub metre ýetýän ýerinde terrikonikleriň düzümine gözegçilik etdiler. Ýananlaryň düzüminde kwars, ýanmadyklarda bolsa kaolinit we kömür bar. Ýanmadyk terrikonik 700°C temperaturada ýakylansoň, ýokary işjeňlik görkezýär we sementiň hilini gowulandyrýar.
Geçirilen synaglar görkezdi: sementiň 20%-ni ýanmadyk terrikonik bilen çalyşanyňda garyndynyň berkligi 21% artýar. Ýanan terrikonik bilen çalyşylanda bolsa, hiç hili diýen ýaly täsir etmeýär.
Bu usul kömür basseýnlerinde emele gelen tehnogen galyndylarynyň möçberini ep-esli azaltmaga hem-de sement önümçiliginde serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer.


şu gün 17:37
616

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

şu gün 08:02
1.5k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
1.1k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.7k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......