Honda WR-V-ni 1980-nji ýyllaryň nusgawy Jeep Cherokee stilindäki retro krossowerine öwürdiler

  • 14.06.2025 19:10
  • 3.7k+

Ýaponiýanyň Damd awtobezeg atelýesi ýapon bazary üçin niýetlenen Honda WR-V krossoweri üçin korpus ýasady. Reverb bukjasy häzirki zaman awtoulagyny 1980-nji ýyllaryň Jeep Cherokee-siniň ikinji nesli görnüşinde düzýär.

Krossoweriň öň tarapy alty kesikli täze radiator paneli, dumana garşy çyraly bilen ullakan bamper we gönüburçly galogen optikasy sebäpli tagaşyksyzrak boldy. Retro keşbini güýçlendirjek kapot we penjireler üýtgedildi. Gapdallaryna wintaž Jeep-lerine mahsus agaç örtüklere meňzeýän stikerler goýlup bilner. Bagažyň gapysyna gara plastmassadan bölek we Reverb nyşany goşuldy.
Salonynda islege görä çalşyp bolýan gözenek nagyşly we şoňa meňzeş ýama bezegi bolan goşmaça oturgyç daşlyklary bar.
Týuning diňe daşky görnüşini sazlamak bilen çäklenmeýär. Awtoulagyň ýerden beýikligi 35 mm ýokarlandy we tigirleri 16 dýuýmlyk ýokary derejeli ähli ýola bolýan tekerler bilen çalşyryldy.
Reverb bukjasynyň bahasy, gurnamany hasaba alynmazdan, 328 000 ýen (takmynan 2270 dollar).


04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.3k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....