«Altyn topa» dalaşgärler 7-nji awgustda yglan ediler, baýraklar 22-nji sentýabrda gowşurylar

  • 14.06.2025 13:29
  • 9.9k+

Abraýly futbol baýragy bolan «Altyn top» (Ballon d'Or) baýragyna dalaşgärler 7-nji awgustda yglan ediler. «France Football» neşiriniň resmi hasaby möwsümiň iň gowy oýunçysy bolmaga dalaş edýän futbolçylaryň adynyň şol gün yglan ediljekdigini tassyklady.

Baýrak gowşuryş dabarasy 22-nji sentýabrda Pariždäki «Şatle» teatrynda geçiriler.
2024-nji ýylda geçirilen soňky dabarada «Altyn top» baýragyna «Mançester Sitiniň» we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Rodri mynasyp bolupdy.

«Altyn top» baýragynyň ýeňijisi nädip kesgitlenýär:
Ilkibaşda «France Football» bilen «L’Équipe» redaksiýasy erkekler kategoriýasy boýunça 30 oýunçydan ybarat gysga sanaw düzýär. Soňky karary halkara eminler topary kabul edýär – FIFA-nyň top-100 reýtingindäki her ýurtdan bir žurnalist ses berýär.
Her bir žurnalist iň gowy 10 oýunçyny saýlaýar. Olar üç görkeziji boýunça baha berýärler: şahsy görkezijiler, topar bilen gazanan üstünlikleri we adalatly oýun (fair play).
Sesler şeýle paýlanýar: 1-nji orna – 15 utuk, 2-nji orna – 12 utuk, soňra – 10,8,7,5,4,3,2 we1.
Iň köp utuk toplan oýunçy ýeňiji bolýar. Eger-de deňlik ýüze çyksa, ilki bilen iň köp birinjilige, soň ikinjilige ýazylanlar we ş.m. göz öňüne tutulýar. Mysal üçin, aýdaly, Maksadyň we Merediň hersi 80 utuk toplan bolsun. Maksat žurnalistleriň ses berişlikdäki onluk sanawlarynda birinji orna 5 gezek, Meret bolsa 3 gezek ýazylan bolsun. Şunda, Maksat baýragyň ýeňijisi hökmünde kesgitlenýär.


düýn 23:00
1.3k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.7k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
3k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......