BAE Aşgabatda mejbury gonan ýolagçylaryna beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

  • 14.06.2025 21:42
  • 25k+

14-nji iýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna resmi hatlaryny iberdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, hatlarda Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti BAE-niň awiakompaniýalarynyň 13-nji iýunda Aşgabat halkara howa menziline mejbury gonmagy bilen baglanyşykly türkmen tarapynyň ýardamy we ynsanperwer goldawy üçin çuňňur minnetdarlyk bildirilýär.
Diplomatyň bellemegine görä: «Uçuşyny dowam etdirip bilmedik ýolagçylara Aşgabadyň howa menzilinde myhmansöýerlik bilen garşy alnyp, iýmit we suw bilen üpjün edilmegi bizde çuňňur kanagatlanma döredýär. Bu waka Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna mahsus bolan ynsanperwer gymmatlyklaryň aýdyň beýany boldy».
Şeýle hem bu ynsanperwer hereketiň iki döwletiň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň çuňlugyny, birek-birege ynamy pugtalandyrýandygyny hem-de hakyky hyzmatdaşlyk ruhuny şöhlelendirýändigi nygtaldy.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......