Raşid Meredow we Kaha Imnadze BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy

  • 15.06.2025 22:40
  • 4.5k+

14-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar ýurdumyzyň Sebit merkeziniň Merkezi Aziýadaky maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de, BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 80-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň dowamynda halkara raýdaşlygyň we goldaw bermegiň belent maksatlaryna hem-de ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň halkara ynsanperwerlik işiniň ýokary ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......