Ýewropanyň Solar Orbiter zondy ilkinji gezek Günüň günorta polýusyny görkezdi

  • 15.06.2025 12:48
  • 5.3k+

Ýewropanyň Kosmos agentliginiň (ESA) Solar Orbiter zondy taryhda ilkinji gezek Günüň günorta polýusynyň suratlaryny we wideo ýazgysyny iberdi.

Adatça, biz Güni diňe “gapdaldan” – onuň ekwatorynyň töwereginden görýäris. Bu Ýeriň, beýleki planetalaryň we ähli hereket edýän kosmos enjamlarynyň Günüň töwereginde ekliptika tekizligi diýlip atlandyrylýan, takmynan, bir tekizlikde hereket edýändigi bilen baglanyşyklydyr. Ýöne Solar Orbiter öz orbitasyny gyşartmak bilen, Güne birneme “aşakdan”,  başga burçdan seretmegi başardy diýlip, ESA-nyň habarynda aýdylýar.
2025-nji ýylyň 23-nji martynda enjam Günüň günorta polýusyny ekwatordan aşakda 17° burçda surata düşürdi. Şeýle-de, synçylyk 16-njy we 17-nji martda hem geçirildi – şonda burç 15° boldy. Ýakyn ýyllarda kosmos enjamy öz orbitasyny hasam gyşardyp biler.
Surata düşürmek üçin Polarimetric and Helioseismic Imager (PHI), Extreme Ultraviolet Imager (EUI) we Spectral Imaging of the Coronal Environment (SPICE) enjamlary ulanyldy. PHI Güni adaty ýagtylykda surata alýar we onuň magnit meýdanyny öwrenýär. EUI ultrabenewşe diapazonda işleýär we Gün täjindäki gyzgyn ionlaşdyrylan gazy öwrenmäge mümkinçilik berýär. SPICE Günüň üstünde dürli temperaturaly gazdan ýagtylygy öwrenýär, bu hem Günüň atmosfera gatlagyny öwrenmäge kömek edýär.
ESA-nyň maglumatlaryna görä, bu synlamalar Weneradaky we Saturndaky polýar girdaplary ýaly hadysalary öwrenmäge hem-de ugruny, takmynan, 11 ýylda bir gezek üýtgedýän Günüň magnit meýdanynyň gurluşyna düşünmäge mümkinçilik berer. Missiýanyň esasy wezipeleriniň biri Gün ýeliniň nähili döreýändigini anyklamakdan ybarat. 


şu gün 14:38
1.9k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

şu gün 08:10
3.8k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.4k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....